“Atlaz” syýahatçylyk kärhanasy diňe Türkmenistanyň çägi bilen kanagatlanman eýsem ähli dünýä sebiti boýunça özüniň maksatnamalaýyn syýahatçylyk hyzmatlaryny teklip edýär. “Atlaz” syýahatçylyk kärhanasy dünýäniň syýahatçylyk bazarynda 25 ýyla golaý wagtdan bäri içerki, giriş we çykyş syýahatçylygy boýunça öz işini alyp barýar. Edaranyň öz işine ussat we tejribeli hünärmenleri taryhy, medeni we başga ajaýyp ýerlere naýbaşy syýahatlary gurnamakda ýardam bererler. Daşary ýurt kärhanalary bilen ýakyn derejede baglaşylan özara gatnaşyklar dünýäniň ähli ýerine çykyş syýahatyny gurnamakda amatly şertleri döreder. Biziň esasy maksadymyz syýahatçylar üçin gyzykly we oňaýly syýahatlary dynç almak üçin gurnamak. “Atlaz” syýahatçylyk kärhanasynyň Türkmenistanda Fly Dubai kompaniýasynyň wekili bolup durýandygy, syýahatçylar üçin çykyş syýahatynda ýokary derejedäki saparlary gurnamaga ýardam berýär. Kärhanamyz GDA, Ýewropa, Aziýa kontinenty, Afrika we Amerika kontinentynyň ýurtlaryna çykyş syýahatlaryny gurnaýar. Şeýle hem syýahatçylaryň, myhmanlaryň islegi boýunça Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, häzirki zaman we geçen asyrlar binagärligi şeýle-de özboluşly tebigaty bilen tanyşdyrýan gyzykly syýahatlary we gezelençleri kärhananyň ýylyň islendik wagty raýatlaryň islegi boýunça gurnap berýär.
Täsin ýerler we syýahat maslahatlary bilen tanyşyň.
Täze medeniýetler we syýahatçylyk başdan geçirmeleri bilen tanyşyň.
Biziň komandamyz hem-de olaryň syýahatlary bilen tanyş boluň!
Dünýä ýüzündäki gizlin täsinliklere syn ediň!
Tolgundyryjy syýahat hekaýalaryny we maslahatlaryny başdan geçiriň.
Halaýan ýerlerimiz we näme üçin olary söýýändigimiz barada öwreniň.
Biz bilen ýatdan çykmajak syýahat tejribelerini görüň.